Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
“Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahat, 26-njy noýabr, Aşgabat, Türkmenistan.

Dünýäde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýekşenbe güni Aşgabatda “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurduň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergide “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň, “Türkmeniň Ýüpek ýoly” gazetiniň harytlary we ýolagçylary daşamak boýunça islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli ulag infrastrukturasynyň kemala gelýändigini, şeýle hem ýurduň ulag edaralarynyň işiniň, hyzmatlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplydygyny şöhlelendirýän diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ulag ulgamyny we logistikany ösdürmek, durnuklylygy üpjün etmek, ulag infrastrukturasynda tehniki taýdan hyzmat ediş işini gowulandyrmak, bu pudakda halkara goldawy giňeltmek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilimleri, tejribeleri, innowasion çemeleşmeleridir çözgütleri alyşmak, sanly tehnologiýalary ulanmagyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmak forumyň esasy maksadydyr.

Forumda çykyş edenler sebitde üstaşyr gatnawlaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, ýurduň ulag ulgamlarynyň durkunyň düýpli täzelenmegi we ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly açyljak ägirt uly mümkinçilikler barada umumy pikirlerini beýan etdiler.

Şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.

2022