Täjigistan Eýranyň “Çabahar” portundan üstaşyr ýük daşamagy amala aşyryp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan Eýranyň “Çabahar” portundan üstaşyr ýük daşamagy amala aşyryp biler
Täjigistan bilen Eýranyň ulag ministrlikleriniň arasynda geçirilen "Çabahar" portunyň üsti bilen halkara ýük daşamak we üstaşyr geçiş baradaky Ähtnama gol çekiliş dabarasy, 23-nji noýabr, Duşanbe, Täjigistan. (Surat: Täjigistanyň ulag ministrligi)

Täjigistanyň we Eýranyň ulag edaralary Eýranyň “Çabahar” portunyň üsti bilen halkara ýük daşamak we üstaşyr geçiş barada Ähtnama gol çekdiler.

Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, bu resminama şu ýylyň 8-nji noýabrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň gatnaşmagynda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde gol çekildi.

Ähtnama utgaşdyrma amallaryny ýönekeýleşdirmegi, awtoulag gatnawy üçin ýygymlary azaltmagy, beýleki ýurtlaryň ýüklerini “Çabahar” portundan geçýän ugurlara çekmegi, portdan geçýän ugurlarda ulag infrastruktura taslamalaryny öňe sürmekde we ýolagçy gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde özara maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy, ulag serişdeleriniň hereketini we harytlary saklamagy göz öňünde tutýar.

“Çabahar” deňiz porty Eýranyň günorta-gündogarynda, Oman aýlagynyň kenarynda ýerleşip, Hindi ummanyna göni çykalgasy bardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Täjigistan “Çabahar” portunyň üsti bilen “Hytaý-Täjigistan-Özbegistan Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal geçelgesi arkaly Hindi ummanyna girip biler.

 

2022