“RŽD Logistika” Russiýadan Türkmenistana azyklyk uny daşamagy amala aşyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“RŽD Logistika” Russiýadan Türkmenistana azyklyk uny daşamagy amala aşyrýar
"RŽD" kompaniýasynyň konteýner otlusy (Surat: "RŽD")

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Saratow şäherindäki bölümi demir ýol daşamalary arkaly Russiýadan Türkmenistana azyklyk unuň daşalmagyny üpjün edýär. Bu barada “RŽD Logistika” kompaniýasynyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişine ýaly, kärhanalarda ýüklenen ýükler üsti ýapyk wagonlarda Saratow- Port stansiýasyndan Russiýanyň Kigaş we Gazagystanyň Bolaşak serhet geçelgeleri arkaly üstaşyr geçirilip, Türkmenistanyň Änew demir ýol menziline getirilýär.

Taslamanyň çäklerinde şu ýylyň awgust – oktýabr aýlarynda bu ugur boýunça azyklyk unuň 1020 tonnasy daşaldy.

Kompaniýanyň hünärmenleri ýük düzümini düzmek, demir ýol arkaly daşamak, tölegleri we ýygymlary tölemek, ýüküň gümrük resminamalaryny resmileşdirmek hem-de oňa barmaly stansiýasyna çenli dispetçer gözegçiligini ýerine ýetirmek ýaly hyzmatlaryň giden toplumyny hödürleýär.

Häzirki wagtda “RŽD Logistika” kompaniýasynyň hyzmatlaryny ulanmak arkaly 2024-nji ýylda konteýnerlerde eksport ugurly azyklyk unuň Eýrana we Hindistana daşalmagyny guramak mümkinçiliklerine garalýar.

Mundan ozal, “RŽD” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Oleg Belozerow kompaniýanyň Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän gündogar şahasy arkaly 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

2022