Hindistanda ygalyň peselmegi bilen bagly çiňrik hasylynyň azalmagy sebäpli oktýabr aýynda başlaýan ekin möwsüminde ýurtda şekeriň eksportynyň gadagan edilmegine garaşylýar. Bu barada Hindistanyň hökümetiniň wekiliniň maglumatlaryna salgylanyp, “Reuters” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hindistanyň şeker eksportyny gadagan etmegi dünýäde bu önümiň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Bu bolsa öz gezeginde dünýäniň azyk bazarlarynda inflýasiýanyň ýokarlanmagyna itergi berer.
Hindistan 30-njy sentýabra çenli dowam edýän möwsümde zawodlara çäkli mukdarda, ýagny 6,1 million tonna şeker eksport etmäge rugsat berdi. Geçen möwsümde zawodlara 11,1 million tonna şeker eksport etmäge rugsat berlipdi.
Hindistanda iýul aýynda bölek satuwlardaky inflýasiýa 15 aýyň içinde iň ýokary derejä, ýagny 7,44 göterime ýetdi. Azyk inflýasiýasy hem ep-esli ýokarlandy we soňky üç ýylda iň ýokary derejä, ýagny 11,5 göterime barabar boldy.
Mundan başga-da, 2023-2024-nji ýyllar möwsüminde Hindistanda şeker önümçiliginiň 3,3 göterim azalmagyna we takmynan 31,7 million tonna bolmagyna garaşylýar.
Dünýäniň tüwi eksportynyň 40 göterimini emele getirýän Hindistan geçen aý içerki bazardaky bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen tüwiniň köp görnüşiniň eksportyny gadagan etdi.