Türkmenistandan harytlary eksport etmek üçin gerek resminamalar haýsylar?

Kuwwat Çaryýew
Türkmenistandan harytlary eksport etmek üçin gerek resminamalar haýsylar?
Türkmenistanyň "Artyk" gümrük nokady

Täjirçilik maksady bilen harytlar Türkmenistandan alnyp gidilende (eksport edilende), gümrük edaralaryna berilmäge degişli resminamalaryň sanawy şulardan ybaratdyr:

1. Daşary ykdysady geleşik

Aşakdaky eksport edilýän harytlar boýunça baglaşylan geleşikler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişlidir:

  • döwlet eýeçiligine degişli edara görnüşli taraplaryň harytlary;
  • döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplardan we hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan, bahasy kanunçylykda bellenen möçberden köp bolan harytlar.

2. Täjirçilik resminamalary:

  • hasap-faktura (inwoýs);
  • ýükläp ugradyş, gaplaýyş listleri we beýleki resminamalar.

3. Geleşigiň pasporty — bahasy erkin aýlanýan puluň çäginden, ýagny kanunçylykda bellenen möçberden köp bolan harytlar üçin berilýär.

4. Ulag (daşaýyş) resminamasy — awtoulag serişdesinde daşalanda halkara ýol-ulag resminamasy (CMR), demir ýol ulag serişdesinde daşalanda halkara demir ýol-ulag resminamasy, deňiz gämisinde daşalanda konosament, howa gämisinde daşalanda awia ýol-ulag resminamasy.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan rugsat beriji resminamalar:

  • maldarçylyk önümleri üçin weterinariýa sertifikaty;
  • gelip çykyşy ösümlikden bolan önümler üçin fitosanitar sertifikaty;
  • sungat eserleri (şekillendiriş grafikasy, žiwopisi), gadymy arheologik zatlar hem-de çeperçilik,taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan beýleki zatlar üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň rugsady;
  • elde dokalan haly we haly önümleri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň güwänamasy (netijenamasy);
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda, degişliligi boýunça başga rugsat beriji resminamalar.

6. Harydyň gelip çykyşyny tassyklaýan güwänama (deklarasiýa):

  • Türkmenistanda öndürilen harytlar üçin harydyň gelip çykyşyny tassyklaýan güwänama;
  • daşary ýurtda öndürilen harytlar üçin Türkmenistana getirilende resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýasy.

7. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň toparlara bölüniş koduny tassyklaýan resminamalar:

  • harydyň doly beýany görkezilen täjirçilik resminamalary;
  • öndürilende berlen laýyklyk sertifikaty;
  • tehniki resminamalar we hil pasporty.

8. Eksport edýän şahs hakyndaky maglumatlary tassyklaýan resminamalar:

  • kärhananyň esaslandyryş resminamasy (tertipnamasy);
  • hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy;
  • Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi;
  • daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy (kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine — güwänama);
  • eksport edýän şahsyň harytlara bolan ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamalar.

9. Bellenilen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy.

10. Gümrük tölegleriniň tölenilendigini tassyklaýan resminama.

Çeşme: Kuwwat Çaryýew hukukçy.

“Rysgal” gazetiniň 29-njy maýda çap edilen sany

 

2022