Işewürlik Şengen wizasyny nädip almaly?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Işewürlik Şengen wizasyny nädip almaly?
Işewürlik Şengen wizasyny resmileşdirmegiň wagty adatça iki hepde (15 gün) töweregidir. (Surat: euronews.com)

Işewürlik Şengen wizasy bu Şengen sebitinde işewürlik maksady bilen 180 günüň dowamynda 90 güne çenli bolmaga mümkinçilik berýän gysga wagtlaýyn wiza bolup durýar (C görnüşi).

Wizanyň bu görnüşini almak üçin esasy zerur bolan resminamalara goşmaça, Şengen sebitinde alyp barmak isleýän işi barada, şeýle hem ýaşaýan ýurdy we barjak ýurdundaky kompaniýalaryň arasyndaky işewürlik gatnaşyklary barda maglumat bermeli.

Berilmeli goşmaça resminamalaryň arasynda:

  1. Arza berijiniň ýaşaýan ýurdundaky kompaniýasynyň söwda ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  2. Barjak ýurdundaky kompaniýanyň / edaranyň çakylyk haty, şol sanda doly salgysy we syýahatyň häsiýeti we dowamlylygy;
  3. Barjak ýurdundaky waka barada maglumat, şol sanda çäräni alyp baryjynyň / gurnaýjynyň doly maglumaty, şeýle hem olaryň doly salgysy, çäräniň dowamlylygy we arza berijiniň gatnaşmagynyň esaslary;
  4. Ýarmarkadaky synçy üçin: baryp görjek ýurdundaky çäre boýunça degişli maglumatlar, şol sanda petek/ tassyklama hatlary/ hasap-faktura görnüşinde çärä gatnaşyjynyň hakyky ýagdaýyny görkezýän maglumatlar;
  5. Arza berijiniň ýaşaýan ýurdy bilen gelýän ýurdunyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýagdaýyny görkezýän maglumatlar.

Wiza almak üçin baryp görjek ýurduňyzyň ilçihanasynyň, konsullygynyň ýa-da konsullyk bilen baglanyşykly Wiza merkeziniň üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Işewürlik Şengen wizasyny resmileşdirmegiň wagty adatça iki hepde (15 gün) töweregidir. Konsullyga wize boýunça arza karar bermek üçin käbir ýagdaýlarda 30-60 gün gerek bolup biler.

Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti (ÝB) we ÝB-nyň Komissiýasy ýakynda Şengen zolagynyň ýurtlary üçin wiza amallaryny sanlylaşdyrmak barada ylalaşyk gazandylar.

Çeşme: schengenvisainfo.com

2022