Tbiliside Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Tbiliside Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
Tbilisi şäherindäki “Ahunowyň öýi” galareýasynda türkmen we azerbaýjan halylarynyň sergisiniň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 23-nji maýy (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Azerbaýjanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Tbilisi şäheriniň “Ahunowyň öýi” galareýasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen we azerbaýjan halylarynyň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Sergä daşary döwletleriň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Gruziýanyň parlament agzalary, ministrlikleriň we ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, Tbilisi şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Myhmanlara elde dokalan çeper halylar we haly önümleri, milli bezegler, dürli sowgatlyklar, nagyşlar bilen bezelen dokma önümler görkezildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow türkmen halysynyň we milli halyşynaslyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilmeginiň bu sungata hemme döwürlerde hem aýratyn gadyr goýlandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Şeýle hem serginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylýandygy bellenildi.

Beýleki çykyş eden myhmanlar bilelikdäki medeni çäreleriň medeni mirasy gorap saklamakda, ýurtlaryň gadymy gymmatlyklaryny we milli sungatyny wagyz etmekde hem-de halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.

Sergi şu ýylyň 27-nji maýyna çenli dowam eder.

2022