Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze “Şapak” seýilgähi açyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, ýaşyl seýilgäh şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat hem-de paýtagty abadanlaşdyrmak boýunça işleriň möhüm bölegi boldy.
Seýilgähiň açylyşy dabaraly çäre bilen utgaşdy. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, eneler hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň çäklerinde şäher düzümlerini ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.