Suhumide Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “tegelek stol” maslahaty guraldy

Suhumide Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “tegelek stol” maslahaty guraldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli “tegelek stol” maslahaty, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli, Suhumi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Suhumi döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhamet Sarjaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Gruziýanyň Parlamentiniň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Çärä gatnaşyjylar sebitde durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de şu mynasybetli halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamanyň ähmiýetini bellediler.

 

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki saparlaryň özara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki möhüm orny boýunça pikir alşyldy. “Tegelek stol” maslahatynyň jemleri boýunça taraplar geljekde bilelikdäki çäreleri geçirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

 

Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022