Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstanyň taryhy-medeni ýerlerine baryp gördi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstanyň taryhy-medeni ýerlerine baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew, 2025-nji ýylyň 21-nji apreli, Türküstan, Gazagystan (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Türküstan şäheriniň birnäçe taryhy-medeni ýerlerine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

Dostlukly sapar Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna barylmagy bilen başlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti şäheriň binagärlik mirasy bilen tanyşdylar hem-de Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähini synladylar. 

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň döwlet Baştutany “Etnoaul” milli medeni toplumynda boldular. Bu ýerde her biri gazak halkynyň durmuşyna, senetçiligine we däp-dessurlaryna degişli dürli gymmatlyklary özünde jemleýän 30 sany ak öýde sergi ekspozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar.

“Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine hem baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew bu ýerde şäheriň taryhyna we syýahatçylyk ugrunyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sergini synladylar. 

Medeni maksatnama “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna gezelenç bilen dowam etdi. Gündogar äheňinde ýerine ýetirilen bu binagärlik toplumy myhmanhanany, senetçilik ussahanalaryny we medeni-dynç alyş zolaklary özünde jemleýän köpugurly giňişligi özünde jemleýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystana dostlukly sapary dowam edýär. 

Surat: akorda.kz

2022