Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 4-nji apreli, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherine saparynyň çäklerinde penşenbe güni Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy almak dabarasy Täjigistanyň Millet köşgüniň çäginde geçirildi. Bu ýerde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady.

Garşy alyş dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki taryhy duşuşygyň köp asyrlyk dostluk tejribesine, hoşniýetli goňşuçylyga, iki ýurduň halklarynyň ruhy we medeni gymmatlyklaryna esaslanýan döwletara gepleşikleriň ösmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilen Täjigistanyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy gepleşikleri ähli derejelerde yzygiderli dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň iki tarapyň bähbidine has işjeň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda taraplar nebit-gaz, himiýa we metallurgiýa ýaly geljegi uly pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, senagat, oba hojalygy, ulag we ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük saparynyň çäklerinde ýurduň “Kohi Borbad” döwlet toplumynda “Dostluk agşamy” mowzugy bilen geçiriljek iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki aýdym sazly konsertine gatnaşar.

Suratlar: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022