“Türkmennebit” DK bug gazanyny çalyşmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Türkmennebit” DK tender toparynyň adyndan 630-Х-03 belgili bug gazanynyň toplumyny çalyşmak, ýagny öňkisini söküp täzesini gurnamak we TNGIZT-iň dizel ýangyjyny gidro usulda arassalaýyş desgasynyň bölekleýin tazelenmesi hem-de radiasiýa we konweksiýa zolaklarynyň turba toplumyny söküp, täzesini gurnamak we 100-Н-01 reaktorynyň pejine täzelikleri girizmek üçin №123/1 belgili halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Şu ýokarda agzalan tendere diňe öndürijiler we öndürijileriň resmi distribýutorlary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin belgileri:
+993 12 40-33-06
+993 243 96-2-26
+993 243 6-04-98
Faks:
+993 12 40-39-27
+993 12 40-39-90
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm