27.02.2025
10.04.2025

“Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky döwrebap bankomatlary we terminallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzyň bank ulgamy üçin döwrebap bankomatlary we terminallary satyn almak maksady bilen, açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, fiziki we ýuridik şahslar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler bäsleşik tekliplerini bildirişiň metbugatda çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça tabşyryp bilýärler.

Telefon belgileri:

+993 12 44-49-33

+993 12 44-48-46

Elektron salgysy:

info@halkbank.gov.tm

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 154-nji jaýy.
Bulary hem okaň
2022