17.02.2025
25.02.2025

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy barit konsentratyny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy KB-3 kysymly barit konsentratyny satyn almak boýunçaa Russiýanyň pul birliginde (rublda) we manatda №2025/05 belgili bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin MTO boýunça inžener bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993-65-83-18-99;

Tehniki soraglar boýunça: +993 63 50 79 02.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
2022