Balkan welaýat häkimligi laboratoriýa enjamlaryny we himiki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrabynyň Esenguly şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan deňiz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işlerinde ulanyljak serişdeler bilen üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Lot №1 — Laboratoriýa enjamlaryny we himiki serişdeleri satyn almak.
Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty welaýatyň Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasyndan alyp bilersiňiz.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.
Bäsleşigiň teklipleri şu ýylyň 17-nji fewralyna her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Telefon belgisi:
+993 (222) 2-01-15
+993 (222) 2-01-04
Faks belgisi:
+993 (222) 2-01-16