CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy guýularyň agzyny enjamlaşdyrmak boýunça deslapky taslamany düzmek boýunça bäsleşik yglan edýär
СNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy birlik bahaly şertnama esasynda Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda akym liniýalary we ulanyş guýularyň agzyny enjamlaşdyrmak boýunça deslapky taslamany düzmek üçin № CIT-24152-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- Tendere gatnaşmak üçin arza;
- Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy, rekwizitleri we ygtyýarnamasy;
- Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
- Kompaniýanyň bu ugurda soňky 5 ýylyň içinde ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat bermeli
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
- Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993-12-44 50 44