27.01.2025
05.02.2025

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy kompressoryň rotor gurluşyna tehniki hyzmat bermek üçin öndüriji zawoda ibermek boýunça bäsleşik yglan edýär

СNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky gaz giňeldiji kompressorynyň rotor gurluşynyň tehniki barlagyny geçirmek we oňa tehniki hyzmat bermek üçin öndüriji zawoda ibermek boýunça №CIT-24127-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy, rekwizitleri we ygtyýarnamasy;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň negit-gaz enjamlaryny ýa-da desgalaryny tehniki barlaga eltmek boýunça soňky iki taslamasy barada maglumat bermeli
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
  • Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyryljak däldigine (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejegine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat. Şeýle-de, şertnamaň ähli şertleriniň ýerine ýetirilmegine kepillik haty.
  • Atlas Copco (Germaniýa) – bu enjamlaryň (gaz kompressorynyň rotor ýygyndysynyň) öndürijisi bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygy.
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022