CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy turba ýylylyk çalşyjylaryny çalyşmak boýunça bäsleşik yglan edýär
СNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky tehnologik desgalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak arassalanan gaz turba ýylylyk çalşyjylaryny çalyşmak boýunça №CIT-24130-SR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- Tendere gatnaşmak üçin arza;
- Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, düzümi we gurluşy;
- Kompaniýanyň hasaba alnanlygy we ygtyýarnamasy barada maglumat.
- Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
- Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurdaky iş tejribesi barada maglumat bermeli
- Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyryljak däldigine (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejegine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat. Şeýle-de, şertnamaň ähli şertleriniň ýerine ýetirilmegine kepillik haty.
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993-12-44 50 44