TDHÇMB
14.06.2024
31.07.2024
"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Alaja” (IMO:9702663) we “Kenar” (IMO:9702675) nebit we nebit önümlerini daşaýan gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
- esasy hereketlendiriji üçin ätiýaçlyk şaýlary;
- wint-rul toplumy üçin ätiýaçlyk şaýlary;
- balast ulgamy üçin ätiýaçlyk şaýlary;
- howa kompressory üçin ätiýaçlyk şaýlary;
- halas ediş gämisiniň krany üçin ätiýaçlyk şaýlary;
- radio nawigasiýa üçin enjamlary
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplara şu aşakdakylar teklip edilýär:
- bäsleşige gatnaşmak üçin kompaniýanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, gatnaşyjynyň hasaba alnan ýurduny, poçta salgysyny, telefon we faks belgilerini, e-poçta salgysyny hem-de gatnaşyjynyň Türkmenistandaky wekiliniň rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
- "Deňiz söwda floty" paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna 1000 (bir müň) ABŞ dollaryny töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 14-nji iýundan başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16:00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri ýokarky burçunda taslamanyň adyny görkezip ýapyk möhürlenen bukjada aşakda görkezilen salga ibermeli.
Habarlaşmak üçn telefon belgisi:
(+993 243) 5-12-46
Elektron salgysy:
tech.depmmf@gami.com
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahri-Hazar köçesi, 1
Bulary hem okaň