27.03.2024
30.04.2024

“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender toprarynyň adyndan Türkmenistanyň serhet zolagyndaky TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maddy-tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek hem-de olary işe girizmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär

Lot - “Perimetriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gözegçilik-ölçeg abzallary we awtomatika”

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde (şol sanda GBS harajatlary) tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Bellik: Bäsleşik teklipleri, tender tölegi tölenenden soňra seljerilip başlanar.

Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+ (993 12) 95-76-93

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 189
Bulary hem okaň
2022