Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar eder
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilýän 6-njy Hazarýaka döwletleriň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen şu ýylyň 20-nji iýunynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen 10-njy iýunda Moskwada geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistana sapar etmek çakylygyny kabul etdi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammiti 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

2022