Pajygaly ýer titremeden ejir çeken Owganystana Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pajygaly ýer titremeden ejir çeken Owganystana Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi gowşuryldy
Ynsanperwer kömegi Türkmenistanda öndürilen azyk önümlerini, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerini, köp mukdardaky hojalyk harytlaryny öz içine alýar. (Surat: "Pajhwok" habar agentligi)

Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýüki şenbe güni Kabula geldi.

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanda öndürilen azyk önümlerini, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerini, köp mukdardaky hojalyk harytlaryny öz içine alýan 24 tonna 700 kilogram mukdaryndaky ýüklerden ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradyldy.

Geçen çarşenbe güni Owganystanyň günorta böleginde rihteriň ölçegi boýunça 5,9 ball bolan ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Habarlara görä, ýer titreme zerarly 1000-den gowrak adam heläk boldy we 2000-den gowragy ýaralandy.

Ýer titreme ýurduň beýleki welaýatlarynda, paýtagty Kabulda, şeýle hem Pakistanda we Hindistanda bildirdi.

2022