“EKSPO-2025 Osaka” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak boýunça bäsleşik yglan ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“EKSPO-2025 Osaka” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak boýunça bäsleşik yglan ediler
“EKSPO-2025” sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. (Surat: “Expo-2025 Osaka”)

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşigiň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

 “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda guraljak bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljekdigi barada habar berildi. Batyr Atdaýew Türkmenistanyň milli pawilýonynyň “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hasabaty diňläp, Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň bezeg işlerinde özboluşly çözgütleriň ulanylmagynyň zerurdygyny aýdyp, olarda milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr diýdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow “EKSPO-2025” sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle giň gerimli gözden geçirişleriň Watanymyzyň gazananlaryny, eksport kuwwatyny, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi geçen ýylyň oktýabr aýynda başlap, 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam etdi. Ýurdumyzyň milli pawilýony “EKSPO–2020” sergisinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” mowzugy astynda işledi. Bu pawilionyň ýene bäş ýyl türkmen önümlerini mahabatlandyrmak we satmak, işewürlik ýygnaklary we forumlary üçin ulanylmagyna garaşylýar.

2022