“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine uçuşlary wagtlaýyn bes edýär

BT
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäherine uçuşlary wagtlaýyn bes edýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat, Mary – Türkmenbaşy – Mary we Daşoguz – Türkmenbaşy – Daşoguz ugurlary boýunça uçuşlary wagtlaýyn bes edýär. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Görkezilen ugurlara petekleri alan ýolagçylar olary Türkmenistanyň çägindäki islendik kassada yzyna gaýtaryp ýa-da başga ugra çalşyp bilerler. Onlaýn usulda satyn alnan petekler tölegsiz esasda ýatyrylyp ýa-da başga ugra resmileşdirilip bilner.

Şol bir senelerde awiakompaniýa Balkanabatdan Aşgabada, Türkmenabada, Mara we Daşoguza uçuşlary ýola goýýar.

Petekleri awiakompaniýanyň web-saýtyndan başga ugra resmileşdirip ýa-da satyn alyp bolýar.

2022