Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çarşenbe güni Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Duşuşygyň barşynda gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarow degişli ugurda türkmen tejribesini wagyz etmek maksady bilen gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň Özbegistana ilkinji saparyny guramagy teklip etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi goldap, gaznanyň ilkinji saparyny goňşy döwlete guramagyň maksadalaýykdygyny belledi.
Maslahata gatnaşyjylar gaznanyň durmuşa geçirýän taslamalarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine we gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýaş nesli terbiýelemäge ylmy esasda çemeleşmegiň, öňüni alyş lukmançylygynyň we saglygy goraýyş ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň möhüm ähmiýetini nygtady. Şeýle hem “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen ýörelge barada aýratyn durlup geçildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sebitlerindäki köpugurly hassahanalarda, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerde döwlet maksatnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini öwrenmek maksady bilen gaznanyň wekilleriniň saparlaryny guramak boýunça tabşyryklary berdi.