Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti 18 – 24-nji ýanwarda Eýranyň Kiş adasynda geçirilýän “Kish Expo 2025” atly halkara sergä gatnaşýar. Işewürlik we senagat ulgamynda bu iri waka dünýäniň 40 ýurdundan 250-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Iki ýyldan gowrak wagtlap taýýarlygy görlen sergi dürli pudaklarda önümleri we hyzmatlary tanyşdyrýan 170 töweregi pawilýonda ýaýbaňlandyrylýar. Çäräniň çäklerinde nebitgaz senagaty, derman, azyk senagaty, halk senetçiligi we syýahatçylyk ýaly 16 sany bölümi özünde jemleýän sergi guraldy.
“Kish Expo 2025” atly halkara sergi dünýäniň ähli ýerinden – GDA, Pars aýlagy, Günbatar Aziýa, Afrika, Gündogar Ýewropa, Günorta Aziýa, Hindi ýarym yklymy ýurtlaryndan, Russiýadan 300-den gowrak gatnaşyjyny, şol sanda ilçileri, söwda geňeşçilerini, telekeçileri we işewürleri özüne çekdi. Bu çäre halkara ykdysady gatnaşyklary berkitmek we dünýä söwdasynyň möhüm meselelerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy.
Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagy onuň beýleki döwletler bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen daşary ykdysady syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.