Türkmenistanda buýanyň kökünden täze görnüşli önümleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistanda buýanyň kökünden täze görnüşli önümleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär
Buýan kökünden dermanlyk serişdeleri (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türmenistanda buýanyň kökünden täze, möhüm we has islegli önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak babatda işjeň çäreler görülýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, munuň şeýledigine Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň işe girizilmegi hem şaýatlyk edýär.

Her ýyl 390 tonna çenli glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply kärhana Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda dabaraly açylyp ulanylmaga berildi.

Amyderýanyň kenarýakasynda ösýän buýanyň köki Türkmenistanyň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biridir. Ol halk lukmançylygynda hem-de sýüji-köke we gözellik serişdeleriniň önümçiliginde giňden peýdalanylýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Buýan” obasenagat toplumy buýan köküni ýygnamak, gaýtadan işlemek we daşary ýurtlara ibermek bilen meşgullanyp, içerki we daşary bazaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär. Kärhana ýylda 19 müň tonna golaý çig maly gaýtadan işläp, önümlerini Hytaýa, Türkiýä, BAE we Serbiýa işjeň iberýär. Munuň özi kärhananyň işlerini ýokary derejede alyp barýandygynyň güwäsidir.

Kärhananyň geçen ýyldaky önümçilik görkezijileriniň ondan öňki ýyldakydan düýpli ýokarlanmagy pudagyň çalt depginde ösýändiginiň nyşanydyr.

Buýan – özüniň bejeriş aýratynlyklary bilen giňden tanalýan kösükliler maşgalasynyň ösümligidir. Onuň köki lukmançylykda, gözellik serişdeleriniň we konditer önümleriň önümçiliginde peýdalanylýar.

2022