Garaşsyz bilermen, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hyzmatdaşy Derýa Soýsal “Gold FM” (106.1 MHz) radioýaýlymynda çykyş edip, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Bilermen esasan taryhy ugra aýratyn üns çekdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplygyny yglan etdi. Munuň özi ýurduň daşary syýasatynyň möhüm binýadyny emele getirdi.
Onuň bellemegine görä, bitaraplyk milli özboluşlylygy berkidip, halkara gatnaşyklaryň ösüşine we sebit meselelerini çözmäge netijeli gatnaşmaga ýardam edýär.
D.Soýsal Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde ykrar edilmeginiň Durnukly ösüş we parahatçylyk maksatlaryny goldamakda dünýä jemgyýetçiligi üçin nusgadygyny belledi.
“Gold FM” – bu Brýusel şäherinde türk we fransuz dillerinde ýaýlyma çykýan radioýaýlym bolup, ýokary hilli gepleşikleri diňleýjilere ýetirmek onuň maksady bolup durýar. Bu radioýaýlymyň “Altyn ýaly radio” atly şygarynda hem özüniň beýanyny tapýar.