“Galkynyş” känindäki täze guýy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynyş” känindäki täze guýy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrýar
Ýokary basyşly gaz akymy 4518-3333 metr çuňlukda tapyldy.

“Galkynyş” gaz käniniň 271-nji täze guýusynda 4 müň 665 metr çuňlukda buraw işleri geçirilip, bu ýerden senagat gaz akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 4518-3333 metr çuňlukda ýokary basyşly gaz akymy tapyldy. Gatlagyň umumy galyňlygy 105 metre barabardyr.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserniniň " Türkmengazburawlaýyş " müdirliginiň hünärmenleri “Galkynyş” gaz käniniň çägindäki beýleki gaz guýularynda buraw işlerini dowam etdirýärler.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri şu ýylyň fewral aýynda BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary boýunça ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022