Aşgabatda gurluşyk-senagat pudagy boýunça sergi we maslahat geçirildi

Aşgabatda gurluşyk-senagat pudagy boýunça sergi we maslahat geçirildi
Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler.

Aşgabatda şenbe we ýekşenbe günleri “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat we “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergi geçirildi.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Forumyň çäklerinde Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsine, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen import şertnamasynyň üçüsine, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä we maslahata gatnaşyjylara ýollan gutlagynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler.

2022