"Türkmen Sährasy-2019" awtoulag sergisi badalga aldy

"Türkmen Sährasy-2019" awtoulag sergisi badalga aldy

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň sergi zalynda "Türkmen Sährasy-2019" awtoulag sergisi badalga aldy. Awtomobil muşdaklarynyň köpden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşan sergisiniň dowamynda owadanlygy bilen ünsi çekýän nusgawy awtoulaglar bir hatarda rahatlygy we döwrebaplygy bilen öňe saýlanýan ulaglar hem görkezilýär. 

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi  bilen bilelelikde geçirilýän "Türkmen Sährasy-2019" 12-nji awgustda hem awtoulag muşdaklaryna açyk bolar.

2022