Awazada e-welosipedler peýda boldy

Awazada e-welosipedler peýda boldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen ornaşdyrylan “Ekowelosiped beketleri” gyzyklanma eýe bolýar. Myhmanhanalaryň öňlerine ýerleşdirilen welosiped kireýine berýän beketlerde elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedler bilen bir hatarda adaty welosipedler hem bar. 

Kireý ulgamy gije-gündiziň dowamynda işleýär. Welosipedi islendik beketden alyp, beýleki beketlerde goýmak hem mümkin. “Ekowelosiped beketleriniň” hyzmatlaryndan myhmanhananyň kabul ediş bölümine ýüz tutmak arkaly peýdalanyp bolýar. Minutlaýyn ýa-da belli wagt aralyklarynda welosipedi kireýine almak üçin myhmanhananyň kabul ediş bölümine nagt görnüşde ýa-da kart bilen öňünden ýa-da soňundan töleg geçirilýär. 

Beketde ýerleşdirilen elektrik welosipedler pedal kömegi berýän “PedalAssist” ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Elektrik motory diňe pedallar aýlananynda işleýär we hereketi has ýeňilleşdirýär. Agramy 18,5 kilogram bolan e-welosipedlerde bir gezeklik zarýad bilen 40 km aralygy geçip bolýar. 

2022