Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň ýokary sylagy gowşuryldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň ýokary sylagy gowşuryldy
Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary derejeli “Dostluk” ordeni gowşurmak dabarasy, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: president.uz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ähmiýetli döwlet sylagy bolan ýokary derejeli “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Sylaglanyş dabarasy Daşkent şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ahyrynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sylagy gowşuryp, özbek-türkmen gatnaşyklaryny berkitmekde Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşant goşandygyny, onuň iki ýurduň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornuny belledi.

Bu sylag Özbegistanyň köp milletli halkynyň görnükli döwlet işgäri we Türkmenistanyň häzirki zaman içeri we daşary syýasatyny esaslandyryjy möhüm şahsyýetleriň biri hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormat goýýandygynyň nyşanydyr.

Ýokary derejeli “Dostluk” ordeni 2020-nji ýylda döredilip, ol Özbegistanyň daşary ýurtlaryň raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara gowşurýan ýokary döwlet sylagy hasaplanylýar. Bu sylag bilen beýleki ýurtlaryň döwlet, hökümet we parlament ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, dürli ulgamlardaky görnükli işgärler, şol sanda Özbegistanyň raýatlary sylaglanylyp bilinýär.
 
Surat: president.uz

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022