23.08.2019
26.09.2019

“Türkmengaz” inžener-tehniki gorag enjamlary bilen abzallaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan taslama we senagat desgalarynyň daş-töweregini inžener-tehniki gorag enjamlary bilen abzallaşdyrmak boýunça

HALKARA TENDERINI

gaýtadan yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, 30-njy güni ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik resminamalaryny görkezilen salga tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-32-75; faks (+99312) 40-32-59.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022